Baş sahypa - Kitaplar - Nika Baradaky Waka

Nika Baradaky Waka
Mugallym: Jon Biwer

Birwagtlar, ençeme ýyl mundan ozal… Nika hemme döwürlerde bardy. Ol bir erkek bilen bir aýaly birikdiren ähtdir. Bu birikdirme olary has güýçli, pähimli we asylly etdi. Olar aýry-aýry bolan döwürlerinden bile bolan döwürlerinde has oňatdylar. Toý dabarasy wakanyň diňe başlangyjydy. Bu dabara uzak we bagtly maşgala durmuşynyň gapysydy. Her bir çözgüt we her bir hereket olaryň durmuşyny nikalarynyň maksadyna lýyklykda gurnamaga ýardam etmelidi. Är-aýal ykjam birigen ýürekleri, elleri we sesleri bilen Ýaradanyň beýik söýgüsini mälim etmek üçin, nätanyş durmuşa gadam basdylar.

Biz söýginiň bu ajaýyp wakasy bilen arabaglanyşygy nädip ýitirdikkäk? Hudaýyň ilkibaşdaky maksadyny açmak üçin, Jon we Liza Biwer sizi “Nika baradaky wakasyna” çagyrýar. Siz öýlenen ýa öýlenmedik, durmuşa çykan ýa çykmadyk, adaglanan ýa adaglanmadyk bolsaňyz – parhy ýok, siziň wakaňyz Ýaradanyň wakasynyň bir bölegidir.

Indirmek (~1.11 MB)

Share