Şu wagtky dil: tk Türkmençe

Dili
Selected Language:

Baş sahypa - Kitaplar - Bakylykdan ylhamlanýanlar

Bakylykdan ylhamlanýanlar
Mugallym: Jon Biwer
Şeýle-de elýeterli:

Ýer ýüzündäki ýaşaýyş – gözden gaýyp bolýan tüsse kimin bolsa-da, biziň köpimiz onuň beýleki tarapynda hiç zat ýok ýaly ýaşaýarys. Emma biziň şindiki durmuş ýörelgämiz bakylykdaky durmuşymyzy kesgitleýändir. Hudaýyň Sözi imanlylaryň dürli derejedäki sylaglary aljakdygy, ynsanyň gazanan zatlarynyň onuň gözüniň alnynda ýanyp ýok boljakdygy we hemme zadyň Isa Mesihiň şalyk sürmegi bilen tamamlanjakdygy barada bize aýdýar.

Jon Biwer 2 Korintoslylar 5:9 – 11-de beýan edilen prinsipleriň esasynda bize ähli imanlylaryň Isa Mesihiň öňünde durup, ýerde ýaşan ýaşaýyşlaryna görä sylag ýa-da jeza aljakdygyny ýatladýar. Biziň köpimiz ömrümizi bakylykda hasaba alynmaýan biderek zatlara sarp edendigimizi bilenimizde, ruhy sargynlyga duçar bolarys.

Şunlukda, biz ömrümizi nädip manylandyryp bileris? Siz «Bakylykdan ylhamlanýanlar» atly kitapdan öz çagyryşyňyzy saýgarmagy we Hudaýyň size berenlerini artdyrmagy öwrenersiňiz. Durmuşa bakylyk nukdaýnazaryndan garamak bilen, siz şindi berlen zatlaryň üstünde zähmet çekmäge gujur-gaýrat alarsyňyz.

Indirmek (~1.74 MB)

Share