Şu wagtky dil: tk Türkmençe

Dili
Selected Language:

Baş sahypa - Kitaplar - Şeýtanyň Aly

Şeýtanyň Aly
Mugallym: Jon Biwer
Şeýle-de elýeterli:

“Şeýtanyň Aly” atly kitap imanlylary Hudaýyň erkini amal etmekden çetleşdirmek üçin duşmanyň ulanýan iň mekir tilsimleriniň biriniň – ýalana maýyl bolmaklygyň tebigatyny açyp görkezýär. Köp adamlar şeýtanyň bu duzagyna düşendiklerini hatda aňlaman-da galýarlar.

Aldanmaň! Isa Mesih: «Günä duçar edýän zatlaryň gelmegi gutulgysyzdyr» (Luka 17:1). Siz bu zatlar babatda hiç zat edip bilmeseňiz-de, olara nähili jogap berjegiňiz size baglydyr. Eger siz günä duçar edýän zatlara dogry garasaňyz, onda gynanmarsyňyz, gaýtam öňküden-de güýçlenersiňiz. Size Hudaý bilen päsgelçiliksiz gatnaşygy saklamaga diňe dogry garaýyş kömek eder.

Jon Biwer şu kitaby arkaly Hudaýyň erkine sadyk galmaga, müňkürlikden we ynamsyzlykdan azat bolmaga ýardam etjek maslahatlary berýär. Siz pida bolan adamyň garaýyşlaryna uçramakdan saklanarsyňyz, kynçylyklary bolşundan has ulaltmazlygy we lapykeçlige duçar bolmazlygy öwrenersiňiz. Siz Hudaýa tabyn bolmagyň iň ýokary derejesini öwreneniňizde, birek-biregi aňsatlyk bilen bagyşlarsyňyz, bozulan gatnaşyklary dikeldersiňiz, siziň durmuşyňyz bolsa we tükeniksiz şatlykdan dolar.

Indirmek (~2.19 MB)

Share