Şu wagtky dil: tk Türkmençe

Dili

Mugallym

Özüniň batyrgaýlygy we hyjuwlylygy bilen tanalýan Jon Biwer «Adatdan daşary durmuş», «Şeýtanyň aly», «Hudaýa ýakynlaşyp», «Beýik Hudaýyň penasynda» we «Ebedilikde ýöreýänler» ýaly meşhur eserleriň awtorydyr. Onuň kitaplary dünýäniň 100-dan gowrak dillerine terjime edildi, onuň «Wekil» atly her gün berilýän teleprogrammasy bütin dünýä boýunça alnyp görkezilýär. Jon – konferensiýalarda we Mesihiler Ýygnaklarynda meşhur spiker, onuň ybadaty Hudaýyň taglymatlaryna düşünmek we durmuşa ornaşdyrmak isleýänler üçin ýaşaýyşy özgerdýän serişdeleri hödürleýär. Jon özüniň aýaly Liza, ol hem meşhur eserleriň belli awtory we wagyz ediji, şeýle hem dört sany ogullary, gelni we agtyklary bilen Kolorado Springsde ýaşaýar.

Indirmek üçin elýeterli Elektron salgy Jon Biwer

Hyjuwly. Aýgytly. Göwnaçyk. Gaýratly. Gyzykly. Bu sözler dünýäniň 200-den gowrak ýurtlarynda alnyp görkezilýän «Wekil» (“Посланник”) atly teleprogrammanyň bilelikdäki esaslandyryjysy we meşhur awtor, dünýä belli spiker – Liza Biweri häsiýetlendirýärler. Adamlaryň ýüreklerini erkinlik we özgertme bilen doldurmak üçin, Liza Hudaýyň sözüni wagyz edişi ýaly, özüniň şahsy tejribesi bilen hem ýüreklere aralaşmagy başarýar. Adalatlylygyň goragçysy hökmünde, ol başgalary durmuşda gabat gelýän aladalary we kynçylyklary ýeňmeklige ugrukdyrýar. Liza özüniň bütin ömrüniň söýgüsi bolan ýanýoldaşy Jon Biwer, dört ogullary, ajaýyp gelni we mähirli agtyklary bilen ýaşaýar.

Indirmek üçin elýeterli Elektron salgy Liza Biwer