Şu wagtky dil: tk Türkmençe

Dili

Baş sahypa - Baş sahypa

Cloud Library hakda

“Messenger International” ybadatynyň maksady pastorlaryň we liderleriň nirede ýerleşýändiklerine we olaryň maliýe ýagdaýynyň nähilidigine garamazdan, bu habar-beriş maglumatlarynyň çeşmelerini olara ýetirmekdir. Bulutly kitaphana hut şu maksat bilen döredildi. Ol maglumatlaryň dürli dillere terjime edilen çeşmelerini mugt ýaýratmaga mümkinçilik berýän halkara ulgam bolup durýar.

Biziň maksadymyz – Ýer ýüzüniň ilatynyň 98%-ni gurşap almak bilen, bu maglumat çeşmelerini dünýäde giňden ýaýran ähli dillerde elýeterli etmekdir. Bulutly kitaphana – bu maksada ýetirýän ýollaryň biridir. Näme üçin diýip sorarsyňyz? Sebäbi wirtual maglumat çeşmeleri habary fiziki usula garanda çalt ýaýradyp bilýär. Internetiň bu mümkinçiligini peýdalanmak siziň göwnüňizden turar diýip umyt edýäris.

Döredijilerden

Isa bize diňe bir Hoş Habary wagyz etmegi däl, eýsem şägirtleri ýetişdirmegi hem buýurdy. Bu ýazgylar size Mesihiň şägirtleri bolmaga ýardam bererler. Biz siziň ösmegiňize goşant goşýarys, sebäbi siziň özüňize we Hudaýyň merhemeti arkaly siziň täsir ediş gurşawyňyzy özgertmäge ukuplydygyňyza ynanýarys. Hudaý siziň her biriňiziň kalbyňyza belentlik saldy, Ol siziň Ony has ýakyndan tanamagyňyzy isleýär. Bu maglumat çeşmeleri size Hudaý bilen içgin özara gatnaşyklary gazanmaga kömek ederler. Siziň ol gatnaşyklarda kämilleşişiňize görä, siz Onuň Sözüniň güýji arkaly özgerersiňiz.

Hudaý sizi hut siziň peşgeşleriňiz we täsiriňiz gabat gelýän ajaýyp maksat üçin döretdi. Biz sizi Hudaýyň siziň üçin taýýarlan çäksiz merhemetini gözläp tapmaga ruhlandyrýarys hem-de bu çeşmeleriň siziň ýoluňyzda we üstünlikleriňizde netijeli serişde bolmagy üçin doga-dileg edýäris.

Hudaý size pata bersin

Siziň Jon we Liza Biweriňiz

Hudaýyň bize beren ýoluny goldaň

Siz ýaşaýyşy özgertmäge ukyply bolan, bütin dünýä ýaýradylýan çeşmeleri görmek mümkinçiligini islediňizmi? Eger siz Bulutly kitaphananyň ybadatyny goldamak isleseňiz, biziň şu getinvolved@cloudlibrary.org elektron salgymyza ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Siziň doga-dilegleriňiz we goldawyňyz üçin size öňünden minnetdarlyk bildirýäris.